Turkmenportal logo
Şu gün 11:42
49944994
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
DÇ-2026-nyň Trionda atly resmi topy Halkara kosmos stansiýasynda boldy

NASA agentliginiň habar bermegine görä, Halkara kosmos stansiýasynyň astronawtlary 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan adidas Trionda bilen ylmy synag geçirdiler. Halkara kosmos stansiýasynyň düzüminiň agzalary 2019-njy ýylda geçirilen barlagy gaýtalap, mikrograwitasiýa şertlerinde topuň içindäki massanyň paýlanyşynyň onuň hereketine, durnuklylygyna we aýlanyşyna nähili täsir edýändigini öwrendiler.

Synagyň netijeleri resmi oýun toplaryna ýerleşdirilen tehnologiýalaryň, aýratyn-da abzallaryň, topuň oýun wagtyndaky hereketine nähili täsir edýändigine has gowy düşünmäge mümkinçilik berdi. Trionda topy sekuntda 500 gezek maglumat iberýän abzal bilen enjamlaşdyrylyp, topuň hereketi baradaky maglumatlary hakyky wagtda eminiň wideokömekçi ulgamyna (VAR) geçirýär.

Bu NASA-nyň futbol bilen baglanyşykly ilkinji ylmy işi däl. Agentligiň inženerleri 2014-nji ýylda hem Brazuca topuny aerodinamiki turbada synag edip, onuň «öňünden çaklap bolmaýan traýektoriýa bilen aýlanmak» täsirini öwrenipdiler. Alymlar durnuklylyk we massanyň paýlanyşy boýunça geçirilýän barlaglaryň diňe futbola degişli bolman, eýsem emeli hemralaryň, kosmos gämileriniň we uçarlaryň hereketini öwrenmekde hem uly ähmiýete eýedigini belleýärler.

Trionda ady ispan dilindäki «üç tolkun» diýen manyny aňladýan söz düzüminden gelip çykýar. Bu at dünýä çempionatynyň taryhynda ilkinji gezek bir wagtda üç ýurt — ABŞ, Kanada we Meksika tarapyndan kabul edilýändiginiň hormatyna saýlanyp alyndy. Topuň bezeginde çempionaty kabul edýän ýurtlaryň gyzyl, ýaşyl we gök reňkleri, şeýle hem olaryň milli nyşanlary bolan ýaprak, bürgüt we ýyldyz şekilleri ulanyldy.