Turkmenportal logo
Şu gün 11:35
73557355
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sinoptikler: Ýewropada yssy howa kada öwrülip biler
Surat: rg.ru

Ýewropada termometrleriň sütünjikleri 40 gradusa golaýlaýar. Florensiýada adatdan daşary jokrama yssy sebäpli howa howpunyň «sary» derejesi yglan edildi. Syýahatçylar we ýerli ýaşaýjylar kölegede gizlenýärler we göterilýän ýelpewaçlary köpçülikleýin satyn alýarlar diýip, «MIR 24» habar berýär.

Fransiýada-da, Germaniýada hem howa görülmedik derejede gyzýar. Sinoptikler ählumumy maýlama sebäpli şeýle howa derejeleriniň kada öwrüljekdigini duýdurýarlar.

Germaniýada yssy howany agyr başdan geçirýärler. Dortmundyň haýwanat bagynda haýwanlary ýakyp barýan Günden goramak üçin iş tertibini üýtgetdiler. Olaryň köpüsini ýapyk kapasalara geçirdiler. Emma adamlary welin, termometrdäki rekord görkeziji begendirýäne meňzeýär, şäherliler ýerli suwa düşülýän ýerleri basyp aldylar, seýilgählerde dynç alýarlar.