Turkmenportal logo
Şu gün 11:15
67496749
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystan Russiýadan bugdaýyň importyny artdyrdy
Surat: tass.ru

Gazagystan ýylyň başyndan bäri rus bugdaýynyň satyn alnyşyny artdyrdy. Ilkinji dört aýda ol dört esse köpeldi diýip, bu ýurduň Milli statistika edarasyna salgylanýan TASS habar berdi.

Ýagny ýanwardan bäri Respublika RF-den 114,7 million dollarlyk bugdaý satyn aldy, tutuş geçen ýyl boýunça bu görkeziji 25,4 million dollara deň bolupdy. Gazagystan geçen martda Russiýadan 267,4 müň tonna bugdaý satyn aldy.

Respublika şol bir wagtda öňdäki ýarym ýylda bugdaýy ähli ýurtlardan, Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň döwletlerini hem goşmak bilen, ýurda getirmegi gadagan etmekçi bolýar.