Turkmenportal logo
Şu gün 11:13
64306430
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda 63 million dollara golaý geleşik baglaşyldy
Surat: daliz.finance

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny we motor ýagyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, Türkiýäniň, Ukrainanyň telekeçilerine jins we trikotaž önümleri, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, bugdaý uny, pagta süýümi, nah ýüplük ýerlenildi.  

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 56 million 454 müň manada deň bolan pagta ýagyny, nah ýüplügi we pagta süýümini satyn aldylar.

Birža söwdalarynda 63 million dollara golaý geleşik baglaşyldy | Turkmenportal.com