Turkmenportal logo
Şu gün 10:58
52135213
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen dalaşgärlerine Sinszýan ýokary okuw mekdeplerine resminamalary tabşyrmak üçin goşmaça möhlet berildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin resminamalary kabul etmegiň möhletini 25-nji iýuna çenli uzaltdy. Ozal resminamalary kabul etmek işi 21-nji iýunda tamamlanmaly edilipdi.

Resminamalar Aşgabatda Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär. Okuwa umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, iňlis dilini bilýän, ýaşy 18-den 25-e çenli bolan Türkmenistanyň raýatlary ýüz tutup bilerler.

Hünärleriň sanawy, ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça ýerleriň sany, şeýle hem okuw şertleri baradaky maglumatlar kabul ediş topary tarapyndan berilýär.

Tabşyrylan resminamalaryň esasynda ýokary netije görkezen dalaşgärler bilen saýlama söhbetdeşlik 23-nji iýunda Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetinde geçiriler. Salgysy: Aşgabat şäheri, köçe 1958 (Andalyp), 169.

Zerur resminamalaryň doly sanawy baradaky giňişleýin maglumat Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilendir.