Urugwaýyň we Kabo-Werdeniň milli ýygyndylary 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Oýun ABŞ-nyň Florida ştatynyň Maýami şäherinde geçirildi.
Urugwaýyň düzüminde gollary Maksimiliano Arauho (44-nji minutda) we Agustin Kanobbio (45+6-njy minutda) geçirdiler. Kabo-Werdeniň ýygyndysynda bolsa Kewin Lenini (21-nji minutda) hem-de Elio Warela (61-nji minutda) tapawutlandy.
Bu duşuşyk Kabo-Werdeniň ýygyndysy üçin dünýä çempionatlaryndaky taryhynda bary-ýogy ikinji oýun boldy. Topar şu ýaryşyň birinji tapgyrynda Ispaniýa bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnapdy.
Iki tapgyryň netijeleri boýunça H toparçasynda Ispaniýa 4 utuk bilen birinji orunda barýar. Kabo-Werdeniň we Urugwaýyň ýygyndylary hersi 2 utuk toplap, ikinji we üçünji orunlary paýlaşýar. Toparçanyň iň soňky ornunda bolsa 1 utuk bilen Saud Arabystany ýerleşýär.
Toparçalaýyn tapgyryň jemleýji duşuşyklarynda urugwaýlylar ispanlar bilen, Kabo-Werdeniň ýygyndysy bolsa Saud Arabystany bilen duşuşar. Oýunlar 27-nji iýunda geçiriler.