Ispaniýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Saud Arabystanynyň ýygyndysyny 4:0 hasabynda ýeňdi. Oýun ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherinde geçirildi.
Gollary Lamin Yamal (10-njy minutda) hem-de Mikel Oýarsabal (21-nji we 24-nji minutlarda) geçirdi. 49-njy minutda bolsa Saud Arabystanynyň goragçysy Hassan Al-Tambakti topy öz derwezesine girizdi.
«Real Sosýedad» klubunyň hüjümçisi Mikel Oýarsabal duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. 29 ýaşly futbolçy milli ýygyndy üçin 55-nji oýnuny geçirip, gollarynyň sanyny 27-ä ýetirdi.
Toparçalaýyn tapgyryň soňky duşuşygynda ispanlar urugwaýlylar bilen, Saud Arabystanynyň ýygyndysy bolsa Kabo-Werde bilen duşuşar. Iki oýun hem 27-nji iýunda geçiriler.