Turkmenportal logo
Şu gün 09:04
38653865
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«The Observer»: Starmer 22-nji iýunda iş başyndan gidýändigini yglan edip biler
Surat: tass.ru

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer ýurdy dolandyryjy Leýboristler partiýasynyň deputatlary tarapyndan ynamy elden gidermegi bilen baglylykda, özüniň işden gidýändigini 22-nji iýunda yglan edip biler. Bu barada «The Observer» hepdelik gazetine salgylanýan TASS ýazýar.

Gazetiň maglumatlaryna laýyklykda, Starmer Ministler Kabinetiniň agzalary, geňeşçileri, kärdeşler arkalaşyklarynyň liderleri we partiýadan donorlary bilen gepleşiklerden soňra wezipede galyp bilmejekdigi barada netijä geldi. Starmeriň wezipesini Leýboristler partiýasynyň gurultaýyndan öň resmi tabşyrmagy mümkin diýip, habarda bellenýär.

Öň Starmer öz partiaýadaşy, Uly Mançester graflygynyň meri Endi Bernem britan parlamentiniň Jemagatlar palatasyna (aşaky palata) deslapky saýlawlarda ýeňiş gazanandan soňra meýletin işden gitmekçi däldigini yglan etdi. Bernem onuň wezipesinde esasy bäsdeşi bolup biler diýlip çaklanýar.

Beýik Britaniýada syýasy kynçylyk 7-nji maýda geçen ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlawlardan soňra döredi. Onuň jemlerine görä, Leýboristler partiýasy Uelsiň parlamentine gözegçiligi ilkinji gezek elden giderdi. Starmer saýlawlardaky şowsuzlyk üçin jogapkärçiligi öz üstüne aldy, emma leýboristleriň ilderliginden hem-de Premýer-ministriň wezipesinden gitmejekdigini mälim etdi.