Turkmenportal logo
Düýn 12:24
67126712
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenhimiýa» öndürýän önümleriniň görnüşlerini giňelder

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni öndürilýän himiýa önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirýär.

Konsern tarapyndan dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli duzlaryň dürli görnüşlerini öndürmek maksady bilen, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly häzirki zaman önümçiliklerini ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Annamämmedow Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde bu barada hasabat bermek bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki zaman önümçiliklerini ýola goýmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.