Turkmenportal logo
Düýn 11:35
64716471
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýanyň ýygyndysy futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Tunisi uly hasap bilen ýeňdi

Ýaponiýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň Meksikanyň Monterreý şäherinde geçirilen ikinji duşuşygynda Tunisiň ýygyndysyny 4:0 hasabynda ýeňdi. Gollary Daýçi Kamada (4-nji minutda), Aýase Ueda (31-nji we 83-nji minutlarda) hem-de Dzýúnýa Ito (69-njy minutda) geçirdiler.

Bu duşuşyk 1930-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji oýun boldy. Şol mynasybetli eminler we futbolçylar meýdança ýörite nyşanlar bilen çykdylar.

Ýaponiýanyň ýygyndysy üçin bu dünýä çempionatlarynyň taryhynda bir duşuşykda iki goldan köp pökgi geçirilen diňe ikinji oýundyr. Ilkinji gezek şeýle üstünlik 2010-njy ýylyň dünýä çempionatynda Daniýa garşy geçirilen we 3:1 hasabynda tamamlanan duşuşykda gazanylypdy. Mundan başga-da, Aziýanyň futbol konfederasiýasyna (AFK) agza ýygyndylaryň hiç biri dünýä çempionatlaryndaky öňki 151 duşuşygyň dowamynda bir oýunda dört gol geçirip bilmändi.

Fransiýaly hünärmen Erwe Renar üçin bu oýun Tunisiň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesindäki ilkinji duşuşygy boldy. Ozalky tälimçi Sabri Lýamuşi ilkinji tapgyrda Şwesiýadan 1:5 hasabynda ýeňlenden soň wezipesinden boşadylypdy.

Iki tapgyryň netijeleri boýunça Ýaponiýanyň ýygyndysy 4 utuk toplap, goşmaça görkezijiler boýunça Niderlandlardan yza galyp, F toparçada ikinji orny eýeleýär. Şwesiýa 3 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär. Hiç bir utuk gazanyp bilmedik Tunis bolsa pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligini ýitirdi.

Soňky tapgyrda Ýaponiýa Şwesiýa bilen, Tunis bolsa Niderlandlar bilen duşuşar. Iki oýun hem 26-njy iýunda geçiriler.