Turkmenportal logo
Düýn 09:39
67486748
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kýurasaonyň ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Ekwador bilen deňme-deň oýnady

Kýurasaonyň milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Ekwador bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşyk ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Kanzas-Siti şäherinde geçirildi.

Bu Kýurasaonyň dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky diňe ikinji oýny boldy. Topar ilkinji duşuşygynda Germaniýadan 1:7 hasabynda ýeňlipdi. Ýygyndynyň baş tälimçisi Russiýanyň milli ýygyndysyna we Sankt-Peterburgyň «Zenit» klubuna öň ýolbaşçylyk eden Dik Adwokatdyr. Kýurasao dünýä çempionatlarynyň taryhynda ilaty iň az bolan döwletiň wekili hökmünde çykyş edýär.

E toparçada Germaniýanyň ýygyndysy 6 utuk bilen birinji orny eýeleýär. Ondan soň ýaryş tertibinde Kot-d’Iwuar (3 utuk), Ekwador (1 utuk) we Kýurasao (1 utuk) ýerleşýär.

Kýurasaonyň derwezeçisi Eloý Rom bir oýunda gaýtarylan urgularyň sany boýunça dünýä çempionatynyň rekordyny täzeledi. Ol 15 urgyny yzyna gaýtardy. Bu görkeziji goşmaça wagt hasaba alynmazdan dünýä çempionatlarynyň täze rekordydyr. Derwezeçi duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Goşmaça wagtlar hasaba alnanda, rekord henizem 16 urgyny gaýtaran amerikaly Tim Howarda degişlidir.

37 ýaşly Rom ABŞ-nyň güýç derejesi boýunça ikinji ligasynda çykyş edýän «Maýami» klubunyň futbolçysydyr. Onuň milli ýygyndy üçin geçiren oýunlarynyň sany 72-ä ýetdi. Bu duşuşyk bolsa onuň derwezesine gol goýberilmän tamamlanan 28-nji oýny boldy.

Toparçalaýyn tapgyryň soňky duşuşyklarynda Ekwador 25-nji iýunda Germaniýa bilen, Kýurasao bolsa şol gün Kot-d’Iwuar bilen duşuşar.