Turkmenportal logo
Düýn 02:21
57895789
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Niderlandlar dünýä çempionatynda Şwesiýany 5:1 hasabynda uly ýeňlişe sezewar etdi

Niderlandlaryň milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Şwesiýanyň ýygyndysyny 5:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde geçirildi.

Ýeňijileriň düzüminde Braýan Brobbi (5-nji we 17-nji minutlarda), Kodi Gakpo (47-nji we 54-nji minutlarda) hem-de Krisensio Sammerwill (89-njy minutda) gollary geçirdiler. Şwedleriň ýeke-täk goluny Antoni Elanga geçirdi (59-njy minutda).

Niderlandlaryň ýygyndysy 4 utuk toplap, F toparçada birinji orna çykdy. Şwesiýa 3 utuk bilen ikinji orny eýeleýär. Ondan soň Ýaponiýanyň (1 utuk) we Tunisiň (0 utuk) ýygyndylary ýerleşýär. Bu iki toparyň özara duşuşygy 21-nji iýunda geçiriler.

Niderlandlaryň hüjümçisi Kodi Gakpo duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. 27 ýaşly futbolçy Angliýanyň «Liwerpul» klubunda çykyş edýär. Onuň milli ýygyndy üçin 52 oýunda geçiren gollarynyň sany 23-e ýetdi.

Soňky tapgyrda Niderlandlar Tunis bilen, Şwesiýa bolsa Ýaponiýa bilen duşuşar. Iki oýun hem 26-njy iýuna geçilýän gije geçiriler.