Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk üstünlikli alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görülýändigini hem-de bu saparyň netijeleriniň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen Azerbaýjan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmek barada wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.