Turkmenportal logo
20.06.26
1447414474
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi geçirildi

Şu gün Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisi geçirildi. Onda iki ýurduň arasyndaky degişli ugurlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlaryň ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen mejlisde bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege ynanyşmak we özara bähbitli esasda ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň alyp barýan işine möhüm orun degişlidir.

Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli mejlise gatnaşyjylar kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Mejlisiň dowamynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek topary bilen özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky Teswirnama gol çekildi.