Turkmenportal logo
Düýn 23:03
55965596
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak maksady bilen ýurda sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşit Hojaýewi kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Özbegistanda doganlyk Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini, Türkmenistanyň halkara giňişliginde uly abraýa eýedigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadaga iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasaryna hem-de özbek wekiliýetine söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky 19-njy mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, oba hojalygy hem-de söwda ulgamlaryny şeýle hem iri infrastruktura we maýa goýum taslamalarynyň bilelikde durmuşa geçirilmegini geljegi uly ugurlaryň hatarynda belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary iki doganlyk halkyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy hem-de giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklap, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi | Turkmenportal.com