Turkmenportal logo
Düýn 22:52
71697169
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe enäniň we çaganyň saglygyny goramak, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak hem-de ömür dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.