Turkmenportal logo
Düýn 22:45
67196719
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maddy-tehniki binýady berkidiler

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maddy-tehniki binýady berkidiler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan degişli halkara talaplary berjaý etmek maksady bilen, bu düzüme elektron hyzmatlary we programma üpjünçiligini ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga, maddy-tehniki binýadyny berkitmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.