Alžiriň Futbol federasiýasy dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Argentina bilen geçirilen oýunda eminiň hereketleri boýunça Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) resmi şikaýat iberdi. Bu barada «L’Equipe» neşiri habar berýär.
Duşuşyk Argentinanyň 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Üç goluň hemmesini Lionel Messi geçirdi.
Alžir tarapy polşaly emin Şimon Marçinýagyň çykaran birnäçe jedelli kararlarynyň topara zyýan ýetirendigini öňe sürýär. Alžirli wekilleriň pikirine görä, 32-nji minutda edilen düzgün bozmasyndan soň emin Messini meýdançadan çykarmalydy. Mundan başga-da, 74-nji minutda ýarym goragçy Aleksis Makallisteriň alžirli futbolçynyň ýüzüne tirsek bilen urmagy hem jezasyz galdyryldy.
Ikinji tapgyrda Argentinanyň ýygyndysy 22-nji iýunda Awstriýa bilen duşuşar. Alžiriň ýygyndysy bolsa 23-nji iýunda Iordaniýa bilen güýç synanyşar.