Turkmenportal logo
Şu gün 13:14
38863886
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýe ýygyndysy dünýä çempionatynyň rekordyny täzeledi

Türkiýäniň futbol ýygyndysy dünýä çempionatynyň taryhynda özboluşly ýaramaz rekord goýdy: topar iki duşuşykda derwezä 62 urgy ursa-da, bir pökginem geçirip bilmedi. Bu barada Opta statistika portaly habar berýär.

Türk topary D toparyndaky ilkinji iki duşuşykda – Awstraliýa (0:2) we Paragwaý (0:1) garşy – ýeňilip, pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligini wagtyndan öň ýitirdi.

Opta maglumatlaryna görä, 62 urgy bilen hiç hili netije gazanylmazlygy – 1966-njy ýyldan bäri statistikanyň alnyp başlanmagyndan şu güne çenli çempionatyň taryhynda islendik iki oýunlyk aralygyň iň ýokary görkezijisidir.

Mundan başga-da, Türkiýe ýygyndysynyň goragçysy Abdülkerim Bardakçy bir duşuşykda takyk paslaryň sany boýunça dünýä çempionatynyň rekordyny täzeledi – ol 98 pasy ýekeje hem ýalňyşsyz berdi.