Turkmenportal logo
Şu gün 11:35
41394139
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Zyýat Hil» islendik baýramçylyk üçin tortlary we süýjülikleri hödürleýär

«Zyýat Hil» konditer dükanlary zynjyry alyjylary täze bişirilen çörek önümleriniň, süýjülikleriň we baýramçylyk tortlarynyň giň görnüşleri bilen begendirmegini dowam edýär. Şu günki gün bu brend gündelik çaý başyndaky söhbetler üçin hem, aýratyn pursatlar üçin hem önümleri hödürläp, konditer önümleriniň bazarynda iň meşhurlaryň biri bolmagynda galýar.

Kompaniýanyň işiniň esasy ugurlarynyň biri hem sargyt boýunça tortlary taýýarlamakdyr. «Zyýat Hilde» doglan günler, maşgala dabaralary, toýlar ýa-da işewürlik çäreleri üçin süýjülikleri saýlap bilersiňiz. Konditerler diňe bir önümiň tagamyna däl-de, eýsem, sargytçylaryň isleglerine laýyklykda önümleri taýýarlap, olaryň bezegine hem aýratyn üns berýärler.

Dükanlarda tortlardan başga-da, alyjylara her gün dükanyň tekjelerini doldurýan täze bişirilen çörek önümleri, pirožnoýeler, kökeler hem-de beýleki süýjülikler hödürlenilýär. Görnüşleriň köpdürlüligi netijesinde, her bir adam nusgawy süýjüliklerden başlap, özboluşly konditer çözgütlerine çenli öz islegine görä tagamy saýlap bilýär.

Kompaniýada süýjülikleriň hiline we olar taýýarlanylanda täze önümleriň ulanylmagyna aýratyn üns berilýändigi bellenilýär. Bu bolsa hemişelik alyjylaryň ynamyny saklamaga we täze müşderileri çekmäge mümkinçilik berýär.

«Biz önümlerimiziň adamlaryň durmuşyndaky iň möhüm we şatlykly pursatlaryň bir bölegine öwrülmegini maksat edinýäris. Her bir tortuň we her bir süýjüligiň ýakymly duýgulary bagyş etmegi biziň üçin örän möhümdir» — diýip, kompaniýada nygtadylar.

Konditer dükanlary dynç günsüz işleýärler. Sargytlar her gün sagat 08:00-dan 22:45-e çenli kabul edilýär. 150 manat we ondan ýokary möçberdäki sargytlar üçin Aşgabat şäheri we Gökdepe etraby boýunça eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

Habarlaşmak üçin:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;

  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;

  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefonlar: (+993 12) 97 95 06 we (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamdaky sahypasy.