Turkmenportal logo
20.06.26
1263212632
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Indoneziýada äpet piton bakjada işläp ýören zenany ýuwutdy
Surat: lenta.ru

Äpet piton Indoneziýanyň Demirgazyk Maluku sebitinde zenana hüjüm etdi diýip, «AsiaOne» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Betbagtçylyk 9-njy iýunda boldy, 44 ýaşly Elizabet Ýamalu öýünden 300 metrlikdäki mellegine sygryny kowmak üçin äkitdi. Üç sagat geçensoň, aýalynyň dolanmandygyndan biynjalyk bolan 52 ýaşly adamsy Beniamin Lanto ony gözlemäge gitdi. Bagda ol aýalyny ýuwudan mahnet ýylany gördi. Ol ýylanyň kellesini kesdi-de, garnyny ýaryp aýalyny çykardy, emma Elizabet eýýäm jansyzdy.

Piton ýylanyň uzynlygynyň sekiz metre golaýdygy habarda bellenýär.

Polisiýa ýerli ýaşaýjylara seresap bolmagy hem-de öýleriniň golaýynda howply haýwanlary gördükleri, habar bermeklerini tabşyrdy.