Turkmenportal logo
Şu gün 10:55
56015601
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Almiron futbolyň taryhynda agzyny ýapandygy üçin meýdandan çykarylan ilkinji oýunçy boldy

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda özboluşly waka hasaba alyndy: futbolyň taryhynda ilkinji gezek bir oýunçy garşydaşy bilen jedelleşýän mahaly agzyny eli bilen ýapandygy sebäpli meýdandan çykaryldy.

Bu waka ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda Türkiýäniň we Paragwaýyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda boldy. Oýun ABŞ-nyň Santa-Klara şäherindäki «Lewaýs» stadionynda geçirildi. Duşuşyga Salwadordan bolan emin Iwan Barton eminlik etdi.

Birinji ýarymyň 45-nji minutynda paragwaýly ýarym goragçy Migel Almiron agzyny eli bilen ýapyp, türk goragçysy Mert Müldüre bir zatlar aýtdy. Ilkibaşda oýun dowam etdirildi, emma az salymdan VAR ulgamyndan bu pursaty täzeden gözden geçirmek barada duýduryş geldi. Wideoýazgy öwrenilenden soň, Barton Almironyň meýdandan çykarylýandygyny yglan etdi.

Bu karar 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty üçin FIFA tarapyndan girizilen täze düzgünlere laýyklykda kabul edildi. Täze düzgünlere görä, garşydaş bilen dawaly ýagdaýda agzyny eli, köýnegi ýa-da ýeňi bilen ýapýan oýunçy meýdandan çykarylmaga degişlidir. Bu çäre aýdylýan sözleriň aç-açanlygyny üpjün etmek we kemsidiji sözleriň öňüni almak maksady bilen girizildi. Şeýle-de bolsa, dostlukly söhbetdeşlik wagtynda agzy ýapmak bu düzgüniň täsirine degişli edilmeýär.

Şeýlelikde, Migel Almiron FIFA-nyň täze düzgünlerine laýyklykda 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda gyzyl duýduryş alan ilkinji futbolçy boldy.

Oýunçysynyň meýdandan çykarylmagyna garamazdan, Paragwaý ýeňişli hasaby saklap galdy we üç utuk gazanyp, D toparçada üçünji orny eýeledi. Iki tapgyrdan soň ýeňiş gazanyp bilmedik Türkiýe pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligini ýitirdi. Toparçadaky soňky tapgyrda Paragwaý Awstraliýa bilen, Türkiýe bolsa ABŞ-nyň ýygyndysy bilen oýnar.