Turkmenportal logo
Şu gün 09:22
37293729
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sary bagşynyň nesil daragty – türkmen halkynyň saz sungatynyň aýrylmaz bölegi

Türkmen halkynyň saz medeniýeti asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Ähli döwürlerde milli saz gurallarynda ussatlyk bilen çalyp, aýdym aýdýan halk sazandalaryna – bagşylara uly hormat goýlupdyr. Olar türkmen saz folkloryny toplap, ony geljek nesillere ýetiren we gorap saklan sungat ussatlarydyr.

Bagşyçylyk sungatynyň kemala gelmeginde we ösmeginde Sary bagşynyň maşgala mekdebine aýratyn orun degişlidir — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Sary bagşy Pürli ogly meşhur Kel bagşynyň şägirdi bolup, 1871-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bamy obasynda sazanda maşgalasynda dünýä inýär. Halk sazyna bolan söýgi we höwes olaryň maşgalasynda nesilden-nesle dowam edipdir. Onuň ilkinji saz guraly dutar bolupdyr. Ýaş bagşy 11 ýaşyndan başlap, dürli toý-dabaralaryň hormatly myhmanyna öwrülipdir, onuň ýerine ýetirijilik ussatlygy baradaky şöhraty tiz wagtda tutuş sebite ýaýrapdyr. Soňlugy bilen ol Molla Guwanç, Täçmämmet Suhangulyýew, Kel bagşy, Muhat ussa we Hally bagşy ýaly ussat bagşylar bilen döredijilik hyzmatdaşlygyny alyp barypdyr.

1925–1930-njy ýyllarda etnograf we kompozitor Wladimir Uspenskiý Türkmenistanyň dürli künjeklerine üç sany saz-etnografik ekspedisiýa guraýar. Alym Wiktor Belýaýew bilen bilelikde ol 1928-nji ýylda Moskwada neşir edilen «Türkmen sazy» atly ylmy işi taýýarlaýar. Meşhur Sary bagşynyň repertuarynyň bir bölegi şol eseriň ikinji jildine girizilipdir.

1927-nji ýylda Uspenskiý Sary bagşynyň öýünde myhman bolýar we onuň sazlaryny hem-de aýdymlaryny nota geçirýär. Ol öz ýatlamalarynda şeýle ýazýar: «…türkmen sazy kämilligiň ýokary derejesine ýeten sungatdyr, onuň hakyky gymmaty hem şundadyr». Sazşynas-etnograf alym bilen bolan bu tanyşlyk bagşynyň maşgalasy bilen Aşgabada göçüp gelmegine ýardam edýär. Bu ýerde ol ýaňy açylan Türkmenistanyň Döwlet sazçylyk tehnikumynda zähmet ýoluna başlaýar. Soňra onuň agtyklary Oraz we Nury Saryýewler hem şol tehnikumda bilim alýarlar.

Sary bagşynyň diri wagtynda onuň ýerine ýetiren aýdymlaryny ýazga geçirmek mümkin bolmandyr. Soňra, ol aradan çykandan soň, 1935-nji ýylda Moskwada türkmen bagşylarynyň we sazandalarynyň ýerine ýetiren aýdymlary hem-de sazlary ýazga alynýar. Şeýle-de bolsa, onuň sazy, aýdymlary we zehini ýitip gitmän, çagalaryna we agtyklaryna miras bolup geçýär.

Sary bagşynyň ogly, Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýew uzak ýyllaryň dowamynda filarmoniýada we radio komitetinde zähmet çekýär. Ol Radiokomitetiň Halk saz gurallary toparyna ýolbaşçylyk edip, dutar we gyjak üçin birnäçe saz eserlerini döredýär.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Oraz Saryýew Döwlet teleradioýaýlymlary komitetiniň Halk saz gurallary toparynda sazanda bolup işleýär.

Nury Saryýew bolsa P. I. Çaýkowski adyndaky Moskwanyň döwlet konserwatoriýasynda talyplyk ýyllarynda Beýik Watançylyk urşunyň ilkinji günlerinde meýletinçileriň hatarynda fronta gidýär. Ol 8-nji Krasnopresnenskiý diwiziýasynyň düzüminde gulluk edip, 1941-nji ýylyň oktýabr aýynda Smolensk şäheriniň golaýynda gahrymanlarça wepat bolýar.

Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Seýitmuhammet Saryýew bolsa tutuş döredijilik ömrüni telewideniýede we radioda zähmet çekmeklige bagyşlaýar.