Turkmenportal logo
Şu gün 08:49
37633763
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝUNISEF we Türkmenistan çagalaryň bähbidine döwlet maliýeleşdirilmegi boýunça geňeşmeleriň tapgyryny geçirdi

ÝUNISEF we Türkmenistanyň Hökümeti çagalaryň bähbidine maýa goýumlaryny has netijeli meýilleşdirmek, monitoring etmek we olaryň hilini ýokarlandyrmak üçin döwlet maliýeleşdiriş maglumatlarynyň ulanylyşyny berkitmäge gönükdirilen geňeşmeleriň tapgyryny geçirdi.

Geňeşmeler ÝUNISEF-iň Ählumumy öňdebaryjy tejribe merkeziniň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek boýunça geňeşçisi jenap Ulugbek Olimowyň gatnaşmagynda geçdi. Ol Aşgabada ýörite iş sapary bilen geldi.

Geňeşçiniň Türkmenistandaky saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de tehniki hünärmenleri bilen duşuşyklar, şeýle hem durmuş ulgamynyň pudaklaýyn ministrlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda iki günlük tehniki seminar geçirildi.

Maslahatlaşmalaryň dowamynda, çagalaryň abadançylygy üçin esasy ugurlara, şol sanda irki ösüşe, mekdebe çenli bilime, durmuş goraglylygyna we ilkinji saglygy goraýyş-sanitar kömegine goýulýan maýa goýumlaryna has çuňňur düşünmek üçin bar bolan býujet klassifikasiýalarynyň, hasabatlylyk ulgamlarynyň we döwlet çykdajylary baradaky maglumatlaryň nähili ulanylyp bilinjekdigi baradaky mesele gözden geçirildi.

Şeýle-de durmuş çykdajylaryny seljermek we pudagara hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýollary üçin mümkin bolan synag ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bilim ulgamynda mekdebe çenli bilim we mekdebe taýýarlyk maksatnamalary bilen baglanyşykly çykdajylar maslahatlaşyldy. Saglygy goraýyş ulgamynda bolsa, ilkinji saglygy goraýyş-sanitar kömegi çykdajylary has netijeli ulanmak üçin mümkin bolan synag ugry hökmünde göz öňünde tutuldy. Durmuş taýdan goramak ulgamynda meýilleşdiriş, çykdajylaryň seljermesi we durmuş hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek meselelerine üns berildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde býujet klassifikasiýasy, hasabatlylyk tejribesi we çagalaryň bähbidine döwlet maýa goýumlarynyň yzarlanylyşyny kämilleşdirmek mümkinçilikleri baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.