Turkmenportal logo
Düýn 23:47
95139513
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi
Surat: Surat: theedgemalaysia.com

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, Premýer-ministr Türkmenistanyň Prezidentiniň Oguz han köşkler toplumyna bardy. Bu ýerde Malaýziýanyň Premýer-ministrini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulanyndan bäri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ýoluň geçilendigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmenistan hem-de Malaýziýa iri halkara guramalarynyň çäklerinde, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler we birek-birege goldaw berýärler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň iri kompaniýalarynyň biri bolan «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen nebitgaz pudagynda otuz ýylyň dowamynda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Onuň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalar gol çekmek hem-de özara alyşmak dabarasy boldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Malaýziýanyň Premýer ministriniň hormatyna resmi kabul edilişik boldy.

Ýeri gelende bellesek, şu gün Türkmenistanda resmi saparda bolýan Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim ir bilen Aşgabatdaky Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy hem-de binanyň ýanynda bag nahalyny oturtdy. Mundan başga-da Malaýziýanyň Premýer ministri Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidine bardy we bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady. Soňra Gypjakdaky metjitde Malaýziýanyň Premýer-ministri bu ýere ýygnanan jemagat bilen bilelikde juma namazyny okady.