Turkmenportal logo
Düýn 23:37
67326732
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gahryman Arkadag Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Seýit Jemaleddin metjidinde öten-geçenleri ýatlap, sadaka berdi. Munuň özi pederleriň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde uly üstünliklere beslenýändigi görkezdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýere ýygnanlara ýüzlenip, gadymdan gelýän türkmençilik däpleriniň yslam dini bilen baglydygyny nygtady. Öten-geçenleri hatyralamagyň sogap iş hasaplanýandygyny belläp, Gahryman Arkadag türkmen halkynda ata-babalardan gelýän milli däp-dessurlara hormat goýulýandygyny aýtdy. Soňra Türkmenistanyň müftüsi ýagşy dessurlara eýerip, tebärek çykdy.

Sadaka gatnaşyjylara nahar çekilip, aýat-töwir edilenden soňra, hajy Arkadag bu günki sadaka gatnaşanlary üçin hemmelere Taňryýalkasyn aýdy, okalan aýatlaryň, edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Soňra Gahryman hajy Arkadag Seýit Jemaleddin metjidinde jemagat bolup agşam namazyny okady.