Şu gün Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde ýurduň dindarlarynyň maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň agzalar geňeşiniň ýygnagyň kararyna laýyklykda:
Hojagulyýew Ýalkap Türkmenistanyň müftüsi wezipesinden boşadyldy.
Gurbanmyradow Rahman Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Ahal welaýat müdirliginiň başlygy, welaýatyň baş ymamy wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň müftüsi wezipesine bellenildi.
Işangulyýew Wepamuhammet Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Aşgabat şäher müdirliginiň başlygy, şäheriň baş ymamy wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Ahal welaýat müdirliginiň başlygy, welaýatyň baş ymamy wezipesine bellenildi.
Agaýew Güýçgeldi Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Ärtogrul Gazy metjidiniň baş ymamy wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Aşgabat şäher müdirliginiň başlygy, şäheriň baş ymamy wezipesine bellenildi.
Ýeri gelende ýatlatsak, Ý.Hojagulyýew Türkmenistanyň müftüsi wezipesine 2019-njy ýylyň awgust aýynda bellenilipdi. Ol şol wagtda çenli Lebap welaýatynyň baş ymamy bolupdy.