Turkmenportal logo
19.06.26
95279527
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Pikirler gijesi» geçiriler

21-nji iýunda Aşgabatdaky Fransuz institutynda «Ýoly açmak» diýen umumy tema bilen birleşdirilen «Pikirler gijesi» atly çäre geçiriler. Şol gün aşgabatlylar häzirki zaman dünýäsiniň iň möhüm meseleleri boýunça guraljak pikir alyşmalara gatnaşyp bilerler. Çärede tehnologiýalaryň ösüşinden başlap, ekologiýa we durnukly ösüş bilen bagly meselelere çenli giň ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar.

Çäräniň maksatnamasy sagat 15:00-da başlanar we 22:00-a çenli dowam eder. Onuň çäklerinde tegelek stollar, pikir alyşmalar hem-de Sazyň baýramy geçiriler.

Pikir alyşmalar üç ugur boýunça guralar:

1. 15:00 – Sungat we bilim

Sanlylaşdyrma döwründe çeperçilik biliminiň ähmiýetine bagyşlanan panel çekişmesi geçiriler. Bilermenler bilim bermegiň däp bolan usullary bilen täze IT gurallarynyň arasynda deňagramlylygy nädip saklamalydygy barada pikir alyşarlar.

2. 16:30 – Emeli aň we hünärleriň geljegi

Ýerli IT hünärmenleriniň gatnaşmagynda tegelek stol geçiriler. Gatnaşyjylar emeli aňyň zähmet bazaryna ýetirýän täsiri, bilim almak üçin açylýan täze mümkinçilikler hem-de Türkmenistanda sanly özgertmeleriň geljegi barada pikir alyşarlar.

3. 18:00 – Ekologiýa we durnukly ösüş

Sebitde ýüze çykýan ekologiýa meselelerine we olaryň innowasion çözgütlerine bagyşlanan pikir alyşma geçiriler. Çykyş edýänler «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmakdaky tejribeleri bilen paýlaşarlar hem-de daşky gurşawy goramakda ýaşlaryň tutýan orny barada gürrüň bererler.

Giriş: mugt.

Fransuz institutynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Aga Garryýew köçesi, 69-njy jaý.

https://maps.app.goo.gl/twQYFZ87iNMDLXMd9