17–18-nji iýunda Aşgabatdaky Birleşen Milletler Guramasynyň binasynda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça ýörite okuw maksatnamasynyň tanyşdyrylyşyna bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty geçirildi.

ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guralan okuw seminara Aşgabatdan, Türkmenabatdan, Marydan we Daşoguzdan 12 okuw mekdebiniň 20-ä golaý wekili gatnaşdy. Olaryň arasynda ýurduň mugallymçylyk, tehniki, oba hojalyk, ykdysadyýet we ynsanperwer ugurly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem bar.

Ýörite okuw maksatnamasy geljekki mugallymlaryň howanyň üýtgemegi baradaky bilimlerini hem-de okatmagyň häzirki zaman usullaryny özleşdirmek derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen işlenip düzüldi. Maksatnama bäş esasy ugry öz içine alýar: howa ylymynyň esaslary, Türkmenistanda howanyň üýtgemegi bilen bagly ýagdaý we durnukly durmuş ýörelgesi, çaga gönükdirilen häzirki zaman interaktiw okuw usullary, şeýle hem mekdep maksatnamasynyň tebigaty öwreniş, geografiýa, durmuş howpsuzlygynyň esaslary, oba hojalyk zähmeti we ekologiýa dersleri boýunça taýýarlanan nusgalyk sapaklaryna syn.

Okuwy üstünlikli tamamlan mugallymlar howanyň üýtgemeginiň sebäplerini we netijelerini düşündirip, Türkmenistandaky howa ýagdaýyny seljerip, interaktiw okuw usullaryny ulanyp hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak temasy boýunça sapaklary özbaşdak meýilleşdirip bilerler.

Bellenilişi ýaly, bu okuw maksatnamasy Türkmenistanyň mekdeplerinde ornaşdyrylan howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça dersara maksatnama esaslanýar. Ony ýokary bilim ulgamynda durmuşa geçirmek howa meseleleri boýunça sowatly mugallymlar jemgyýetini kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan yzygiderli işleriň dowamydyr.