Turkmenportal logo
19.06.26
1126211262
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG on üç ýurtda azyk üpjünçiliginiň ýaramazlaşjakdygyny habar berdi
Surat: tass.ru

Dünýäde harby gapma-garşylyklaryň dowam edýän 13 ýurdunyň millionlarça ilaty üçin azyk önümleriniň öňem ýiti ýetmezçiligi 2026-njy ýylyň iýuny bilen noýabry aralygynda has-da ýaramazlaşyp biler. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy hem-de Bütindünýä azyk maksatnamasy habar berdi.

Birleşen Milletler Guramasy, esasan, Afrika yklymynda ýerleşýän ol ýurtlardan ötri, Mýanma, Mali, Liwan we Madagaskar ýaly döwletlerde hem azyk üpjünçiliginiň has-da ýitileşmeginiň çaklanýandygyny duýdurýar.

Guramada ýaragly gapma-garşylyklaryň we zorlugyň ýiti azyk ýetmezçiliginiň esasy sebäpleridigi bellenýär. Ýagdaýy ykdysady sarsgynlar, maliýeleşdirmegiň ýiti ýetmezçiligi hem-de El-Nino howa hadysasy bilen bagly töwekgelçiligiň artmagy has-da çuňlaşdyrýar diýip, TASS ýazýar.