Turkmenportal logo
Şu gün 13:21
40734073
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanyň ilçihanasy aşgabatlylary irdenki ýoga çäresine çagyrýar

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy hindi diasporasynyň agzalaryny hem-de Hindistanyň dostlaryny 2026-njy ýylyň 21-nji iýunynda geçiriljek 12-nji Halkara ýoga güni mynasybetli guralýan çärelere gatnaşmaga çagyrýar.

Maksatnamanyň çäklerinde açyk howada bilelikdäki ýoga maşklary geçiriler. Çäre sagat 07:30-dan 08:30-a çenli Bagtyýarlyk sport toplumynyň meýdançasynda, Görogly köçesiniň 116-njy jaýynda geçiriler.

Gatnaşyjylara sport geýiminde gelmek maslahat berilýär. Gatnaşmak bilen baglanyşykly soraglar boýunça +993 12 45 61 52 telefon belgisine jaň edip ýa-da sosecy.ashgabat@mea.gov.in elektron salgysyna ýüz tutup bolýar.

Halkara ýoga güni Hindistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýär. Bu barada degişli karanama 2014-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edildi. Şu ýyl baýramçylygyň mowzugy sagdyn we uzak ömürlilige bagyşlanýar («Yoga for Healthy Ageing» — «Sagdyn garramak üçin ýoga»).