Russiýa Federasiýasynda «Ýazyjy» diýen hünär derejesi resmi taýdan tassyklandy we 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan güýje girer. Bu barada «Russiýanyň kitap bazary» diýen pudak nutugynda habar berildi.
Ýazyjynyň hünärini kanunçylyk arkaly berkitmek barada pikiri mundan bir ýyl öň Russiýanyň Kitap birleşiginiň prezidenti Sergeý Stepaşin öňe sürdi. Ol häzire çenli ýazyjynyň resmi derejesiniň ýokdugyna ünsi çekip, ýagdaýy düzetmegi teklip etdi.
Täze hünär derejesi ýazyjylara öz hünär derejesini resmi berkitmäge mümkinçilik berer, olaryň zähmeti bolsa aýdyň hukuk kadalaşdyrmasyny alar. Munuň özi awtorlyk hukuklaryny goramakda hem-de edebiýat pudagyny ösdürmekde möhüm ädimdir diýip, «gubernia.com» saýty ýazýar.