Turkmenportal logo
19.06.26
83908390
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
 «Times of India»: Hindistanda adamhor-gaplaň iki adamy heläkledi
Surat: gazeta.ru

Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda iki adamyň ganyna galan adamhor-gaplaňy gözleýärler diýip, «The Times of India» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Habarda 14-nji iýunda ýyrtyjynyň Ramnagar obasynyň ýanynda, ekin meýdanynda şekerçiňrik ýygyp ýören 60 ýaşly fermere hüjüm edip parçalandygy aýdylýar. Ertesi gaplaň goňşy obadan 50 ýaşly zenany iýipdir. Onuň jesediniň galyndylaryny ýerli ýaşaýjylar tapypdyrlar. Ştatyň oba hojalyk departamentiniň wekilleri wakalaryň ikisiniň hem 2,5 kilometr aralykda bolandygyndan çen tutup, adamlara hüjüm edýän şol bir gaplaň bolmaly diýip çaklaýarlar. Tokaýçylar etrapda gapanlary, kapasalary oturtdylar, çäge dronlar arkaly gözegçilik edilýär.

Neşiriň maglumatlaryna laýyklykda, iki aýda alty adam Ramnagar obasynyň töwereginde ýabany haýwanlaryň pidasy bolupdyr.