Turkmenportal logo
19.06.26
71657165
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
UPI: Türkiýede pişik sahna çykyp, oýnuň ýyldyzy boldy
Surat: news.day.az

Türkiýede «Romeo we Julýetta» atly spektakl görkezilýärkä, pişik sahna çykdy diýip, UPI neşiri gürrüň berýär.

Waka Izmir şäherinde «Rus baletiniň patyşalyk mekdebiniň» çykyşy wagty boldy, oýnuň iň dartgynly pursady sahnada duýdansyz pişik peýda boldy. Tomaşaçylar sahnada bolýan wakalary wideo düşürip başladylar. Görnüşlerde pişigiň parahatlyk bilen ýöräp, Romeonyň keşbinde çykyş edýän aktýoryň ýanyna barşy görünýär. Birnäçe sekuntdan soňra pişik hereketsiz ýatan artistiň kellesini ysgap, onuň hal-ýagdaýyny bilmek isleýän ýaly, saçyny sypalamaga başlaýar.

Tomaşaçylar köpçüligi pişigiň duýdansyz peýda bolşuny görüp gülüşýärler. Emma artistler hiç zat bolmaýan ýaly, keşplerinden çykman oýny dowam edýärler.

Sosial tordan peýdalanyjylar pişigiň gaýgyly sahna oýnuna gülki äheňini çaýandygyny we spektalyň esasy gahrymanlarynyň biri bolup, teatryň döredijilik toparyna goşulsa ýerine düşjekdigini ýazýarlar