Tokionyň häkimiýeti döwlet edaralarynda işleýän erkeklere tomus paslynda işe kelte balakly (şortyly) gelmäge rusgat berdi. Çäre sowadyjylary has tygşytly ulanmak bilen energiýa sarp edilişini azaltmaga gönükdirilen maksatnamanyň çäklerinde geçirilýär diýip, «MIR 24» habar berýär.
Çözgüt yssy howa hem-de elektrik energiýasyna çykdajylaryň barha artmagy sebäpli kabul edildi. Iş egin-eşigi babatda şeýle erkinlik öň hem girizilipdi, emma indi paýtagtyň häkimligi erkek işgärleriň daş görnüşi barada talaby has-da gowşatdy.
Emma täze girizilen üýtgeşme zenanlarda nägilelik döretdi. Döwlet edaralarynyň käbir zenan işgärleri düzgüniň adalatsyzdygyny aýdýarlar, sebäbi olar üçin howanyň şeýle gyzgyn şertlerinde egin-eşik babatda hiç hili eglişik edilmeýär.