Turkmenportal logo
19.06.26
53065306
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Beýik Britaniýada Robin Guduň daragty gurady
Surat: rg.ru

Beýik Britaniýadaky iň uly dub agaçlarynyň biri, Robin Gud baradaky rowaýatlarda ady geçýän daragt gurady. Bu barada hünärmenlere salgylanýan Bi-bi-si habarlar agentligi habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.

Habarda Şerwud tokaýynda ösüp oturan 1200 ýyl ýaşly bagda şu tomusda ýaprak peýda bolmady. Hünärmenler muňa birnäçe ýyl bäri dowam edýän adatdan daşary yssy we gurak tomus sebäpli düýbüniň töweregindäki topragyň gatamagy sebäp boldy diýip hasaplaýarlar.

«Şeýle meşhur agajyň guraýandygyny görmek gaty gynandyrýar» diýlip, habarda bellenýär.

Maýor diýlip at berlen dub agajy Britaniýadaky iň iri daragtlaryň biri hasaplanýar, onuň düýbüniň göwrümi 11 metre, saýasy 28 metre ýetýär.

Rowaýatlara görä, Robin Gud hut şu dubuň köweginde öz topary bilen gizlenipdir.

Beýik Britaniýada Robin Guduň daragty gurady | Turkmenportal.com