Şweýsariýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysyny 4:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Inglwud şäherinde geçirildi.
Şweýsariýanyň düzüminde gollary Manzambi (74, 90-njy minutlarda), Wargas (84) we Jaka (90+6, penaltiden) geçirdi. Bosniýa we Gersegowinanyň ýeke-täk goluny Mahmiç (90+3) öz adyna ýazdyrdy. Duşuşygyň 80-nji minutynda bosniýaly goragçy Muharemowiç gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy.
«Fraýburgyň» hem-de Şweýsariýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Joan Manzambi oýnuň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Ol 72-nji minutda ätiýaçlykdan meýdança çykyp, iki gol geçirdi we milli ýygyndynyň düzüminde ilkinji gezek bir oýnuň dowamynda goşa gol geçirdi. Milli ýygyndy üçin geçiren 14 oýnunda 20 ýaşly futbolçynyň jemi 5 goly bar.
Jemleýji tapgyrda (24-nji iýunda) Şweýsariýa Kanada bilen, Bosniýa we Gersegowina bolsa Katar bilen duşuşar.