Turkmenportal logo
Düýn 22:51
80388038
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Malaýziýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi
Surat: Surat: nst.com.my

Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Aşgabada geldi. Paýtagtyň Halkara howa menzilinde ony resmi adamlar garşyladylar. Haly düşelen ýoluň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi — diýip, TDH agentligi habar berýär.

Türkmenistan bilen Malaýziýa ýokary derejedäki gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýärler. Gepleşikleriň netijesinde birnäçe ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar. Taraplar nebit-gaz pudagynda, ulag-logistika ulgamynda, ýokary tehnologiýalar we oba hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna, şol sanda ylym we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berler.

Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasy Türkmenistanda köp ýyllardan bäri iş alyp barýar. Hazar deňzinde alnyp barlan bilelikdäki işleriň dowamynda toplanan tejribe uglewodorodlary çuňňur gaýtadan işlemek, nebithimiýa senagaty hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esas döredýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylda Malaýziýa amala aşyran resmi sapary möhüm tapgyr boldy. Şeýle hem ýurtlar BMG-niň çäklerinde biri-biriniň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar.

Malaýziýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi | Turkmenportal.com