Turkmenportal logo
Şu gün 16:19
24322432
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80/262 belgili Kararnamasy alty resmi dilde çap edildi

Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly 80/262 belgili Kararnamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Bu Kararnama bitaraplyk meselelerine bagyşlanan aýratyn gün tertibiniň çäklerinde kabul edilen ilkinji BMG-niň resminamasy boldy.

Resminama bitaraplyk syýasatynyň halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ornuny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem ol BMG-niň howandarlygynda öňüni alyş diplomatiýasyny, araçylyk işini we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen täze amaly başlangyçlaryň birnäçesini öz içine alýar.

Kararnamanyň BMG-niň ähli resmi dillerinde çap edilmegi onuň Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilmeginden soň resmileşdiriş işleriniň tamamlanandygyny aňladýar hem-de resminamanyň BMG-niň agza döwletleriniň arasynda giňden ýaýradylmagyny üpjün edýär.