Turkmenportal logo
Şu gün 15:06
27212721
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropa Parlamenti bikanun migrantlary üçünji ýurtlara ugratmak baradaky düzgünnamany makullady

17-nji iýunda Ýewropa Parlamenti Ýewropa Bileleşiginde gaçybatalga almak baradaky haýyşy ret edilen, emma öz watanyna gaýtaryp bolmaýan daşary ýurtlylary çykarmak boýunça täze düzgünnamany kabul etdi. Resminama üçin 418 deputat ses berdi, 218-si garşy çykdy, 30 deputat bolsa ses bermekden saklandy.

Düzgünnama Ýewropa Bileleşiginiň çäginde ýaşamaga hukugy bolmadyk adamlar üçin üçünji ýurtlarda ýörite ýerleşdiriş merkezleriniň döredilmegini göz öňünde tutýar. Hyzmatdaş ýurtlar heniz anyk kesgitlenmedi, emma AFP agentliginiň maglumatlaryna görä, mümkin bolan ýurtlaryň hatarynda Gazagystan, Özbegistan, Ruanda we Uganda agzalýar. Mundan ozal Germaniýa, Awstriýa we Daniýa ýaly birnäçe ÝB-niň döwleti şeýle usuly goldap çykyş edipdi.

Mundan başga-da, resminama Ýewropa Bileleşigini terk etmekden ýüz öwürýän migrantlara garşy çäreleri güýçlendirýär. Onda tutup saklamak çäreleriniň has giňden ulanylmagy, gaýtadan giriş gadaganlyklarynyň yzygiderli girizilmegi, şeýle hem durmuş üpjünçilik tölegleriniň azaldylmagy ýa-da düýbünden ýatyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Brýussel täze düzgünleriň ýurtdan çykarmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyna bil baglaýar. Häzirki wagtda degişli karar çykarylan adamlaryň diňe her dördünjisiniň diýen ýaly hakykatda öz ýurduna gaýtarylýandygy bellenilýär.