Turkmenportal logo
17.06.26
1328913289
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmennebit» döwlet konsernine «PETRONAS» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlaryny «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda netijeli özleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konsernine «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali SdnBhd» kompaniýasynyň hem-de konserniň «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.