Turkmenportal logo
Düýn 18:08
38733873
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň 16 dzýudoçysy Mongoliýada geçiriljek «Uly tuwalga» ýaryşyna gatnaşar

19–21-nji iýun aralygynda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda geçiriljek dzýudo boýunça «Uly tuwalga» ýaryşynda Türkmenistanyň 16 türgeni çykyş eder. Bu barada Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan türgenler – Serdar Rahymow (66 kg çenli) we Maýsa Pardaýewa (57 kg çenli) hem girýär. Ýaryşa dünýäniň 59 ýurdundan jemi 455 türgen gatnaşar.

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysyna Serdar Rahymowdan başga-da, Mekan Remezanow we Ural Bagtyýarow (60 kg çenli), Meýlis Şamyradow we Ýolaman Amansähedow (73 kg çenli), Agajan Aýhanow we Batyr Merdanow (81 kg çenli), Ömürzak Halmüminow (90 kg çenli), Baýmyrat Majanow we Deňiz Karataýew (100 kg çenli) wekilçilik ederler.

Zenanlar ýygyndysynda bolsa Ejegyz Geldiýewa (48 kg çenli), Narjemal Ömirowa (52 kg çenli), Maýsa Pardaýewa we Medine Oraznyýazowa (57 kg çenli), Ýyldyz Myradowa hem-de Oguljan Ruslanowa (70 kg çenli) çykyş ederler.

Ulan-Batordaky bu ýaryş 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň täze tapgyrynyň başlangyjy bolar. IJF World Tour reýtinginde utuklar türgenleriň gazanan netijelerine görä berilýär: «Uly tuwalga» ýaryşynda ýeňiji bolan türgen 1000 utuk, ikinji orny eýelän 700 utuk, üçünji orna mynasyp bolan bolsa 500 utuk gazanýar.

Her agram derejesinde Olimpiýa oýunlaryna dünýä reýtinginiň iň güýçli 18 türgeni gatnaşmaga hukuk gazanýar. Şol bir wagtyň özünde, her ýurt degişli agram derejesinde diňe bir türgeni hödürläp biler. Goşmaça orunlar bolsa yklym paýlarynyň esasynda bölünip berilýär.