Turkmenportal logo
Şu gün 13:23
23352335
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy sammitine taýýarlyk işlerine gatnaşdy

Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary derejeli wezipeli adamlaryň ikinji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Mejlise Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Taraplar öňde boljak sammite taýýarlyk işleriniň barşyny, jemleýji resminamalaryň taslamalaryny, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Sammitiň 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.