Turkmenportal logo
Şu gün 09:30
10681068
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mbappeniň geçiren iki goly Fransiýanyň ýygyndysyny Senegaldan üstün çykmagyna ýardam etdi

Fransiýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Senegalyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňdi. I toparçanyň bu duşuşygy Nýu-Ýork şäherinde geçirildi.

Fransiýanyň ýygyndysynyň düzüminde Kilian Mbappe iki gezek tapawutlandy (66, 90+6). Ýene bir pökgini Bredli Barkola geçirdi (82). Senegalyň düzüminde bolsa ýeke-täk goly Ibraýim Mbaýe 90+5-nji minutda öz adyna ýazdyrdy.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip netijeli pas beren Maýkl Olise saýlandy. «Bawariýanyň» hüjümçisi Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde meýdança çykdy.

Mbappe bu duşuşykda milli ýygyndy üçin 99-njy oýnuny geçirip, gollarynyň sanyny 58-e ýetirdi. Şeýlelikde, ol Fransiýanyň milli ýygyndysynyň öňki rekordynyň eýesi Oliwýe Žirunyň görkezijisinden (137 oýunda 57 gol) öňe geçdi.

«Realyň» hüjümçisi 27 ýaşynda, ol 2024-nji ýyldan bäri Madridiň klubunda çykyş edýär. Geçen möwsümde Mbappe 44 duşuşykda 42 gol geçirip, 7 netijeli pas berdi. Şeýle hem ol «Real» bilen bilelikde Ispaniýanyň Superkubogyny we Yklymara kubogyny gazandy. Mbappe Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2018-nji ýylda dünýä çempiony boldy, 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda bolsa kümüş medala mynasyp boldy.

Indiki tapgyrda Fransiýa 22-nji iýunda Yrak bilen duşuşar. Senegal hem şol gün Norwegiýanyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar.