Türkmenistan Özbegistandan sogan satyn almakda öňdebaryjy orun eýeleýär. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, Özbegistan 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda türkmen bazaryna 8,7 müň tonna sogan eksport edipdir. Şeýlelikde, goňşy ýurduň sogan eksportynyň 33 göteriminden gowragy Türkmenistanyň paýyna düşýär. Sanawda ikinji orny 8,4 müň tonna görkeziji bilen Russiýa, üçünji ýeri bolsa 5,3 müň tonna sogan satyn alan Yrak eýeleýär.
Hasabat döwründe Özbegistanyň daşary ýurtlara eksport eden soganynyň umumy bahasy 5,8 million amerikan dollaryna, umumy möçberi bolsa 26,2 müň tonna barabar bolupdyr.