15-nji iýunda, duşenbe güni, Ak tamda UFC White House — Freedom 250 ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy söweşinde UFC-niň ýarym ýeňil agram derejesindäki ýeňilmedik çempiony, ispan-gruzin söweşijisi Iliýa Topuriýa bilen ýeňil agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagynyň eýesi, amerikaly Jastin Geýji tutluşdy.
Söweş dördünji raunddan soň tamamlandy: Topuriýa alan şikesleri sebäpli bäşinji raundda söweşe çykmakdan ýüz öwürdi. Üçünji raunddyň dowamynda ispan-gruzin türgeni agyr zarbalar alyp, gözüne şikes aldy. Dördünji raunddyň ahyrynda bolsa onuň ýagdaýy has-da agyrlaşdy.
Netijede, Jastin Geýji UFC-niň ýeňil agram derejesindäki doly hukukly çempiony boldy. Onuň hasabynda indi 28 ýeňiş we 5 ýeňliş bar. Iliýa Topuriýanyň görkezijisi bolsa bu söweşden soň 17 ýeňiş we 1 ýeňlişe deň boldy.
Agşamyň ikinji esasy duşuşygynda fransuz Siril Gan UFC-niň agyr agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy ugrunda geçirilen söweşde braziliýaly Aleks Pereýrany nokaut bilen ýeňdi.