Şotlandiýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Gaitiniň toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. C toparçasynyň çäklerinde geçirilen oýun ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Foksboro şäherinde boldy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 28-nji minutda Jon Makginn geçirdi.
Gaiti üçin bu taryhyndaky diňe ikinji dünýä çempionatydyr. Gaitiniň ýygyndysy mundan öň 1974-nji ýylda dünýä çempionatyna gatnaşyp, toparçalaýyn tapgyrdaky üç oýnunyň hemmesinde ýeňlipdi. Şotlandiýa bolsa 28 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şotlandiýalylar mundan öň soňky gezek 1998-nji ýylda dünýä birinjiliginde çykyş edipdiler.
Birinji tapgyryň netijeleri boýunça Şotlandiýanyň milli ýygyndysy C toparçasynyň sanawynda birinji orny eýeleýär. Mundan öň şol toparçada Braziliýa bilen Marokkonyň milli ýygyndylary 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar.
Ikinji tapgyrda Şotlandiýa 19-njy iýunda Marokkonyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Şol gün Gaiti Braziliýanyň toparyna garşy meýdança çykar.