Turkmenportal logo
13.06.2026
1372813728
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy DÇ-2026-nyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow FIFA-nyň çakylygy boýunça 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Çempionat 11-nji iýunda «Asteka» stadionynda Meksikanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk bilen badalga aldy.

Guramaçylar çempionatyň açylyşyna bagyşlanan täsirli we baý mazmunly dabarany guradylar. Dabarada ýerli sungat ussatlary bilen birlikde dünýä belli ýyldyzlar hem çykyş etdiler.

Açylyş dabarasynyň iň esasy wakasy Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantinonyň dünýä çempionatynyň kubogy bilen meýdança çykmagy boldy.

Açylyş duşuşygynyň öňüsyrasynda «Asteka» stadionynda FIFA-nyň düzümine girýän döwletleriň baýdaklary ýerleşdirildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem bardy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy bolsa saýlama tapgyrlarynda üstünlikli çykyş edip bilmedi we Aziýa zolagynyň saýlama ýaryşlarynyň ikinji tapgyrynda ýaryşdan çykdy. Şeýlelikde, indiki tapgyra çykmak hukugyny Eýrana we Özbegistana bermeli boldy.

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän dünýä çempionaty 19-njy iýulda tamamlanar. Bu ýaryşda ilkinji gezek 48 milli ýygyndy çykyş edýär.