Turkmenportal logo
Düýn 23:54
61306130
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyrjak resmi saparyna taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu saparyň netijeleriniň iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we hil taýdan täze derejelere çykarmaga ýardam berer.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini belledi hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine iki döwletiň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana boljak resmi saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.