Turkmenportal logo
Düýn 22:50
57265726
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmennebit» döwlet konsernine gazuw işlerini geçirmek üçin turbalary satyn almaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konsernine ulanyş hem-de gözleg-barlag guýularynda gazuw işlerini geçirmek üçin zerur bolan möçberdäki oturtma we buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň degişli kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.